ÇL-iň 1/8 finaly: “Bawariýa” “Lasiodan” utuldy, “PSŽ” “Real Sosýedaddan” üstün çykdy

  • 15.02.2024 15:39
  • 7k+

15-nji fewrala geçilen gije Çempionlar ligasynyň 1/8 final oýnunda Italiýanyň “Lasio” topary Germaniýanyň “Bawariýasyny” 1:0 hasabynda utdy.

Ýeke-täk goly “Bawariýanyň” goragçysy Daýo Upamekano düzgün bozulma sebäpli meýdançadan çykarylandan soň 69-njy minutda penaltiden Çiro Immobile geçirdi.
“Bawariýa” ýekeje gezek hem topy nyşana düşürip bilmedi we derwezäniň gapdalyndan geçen urgular boýunça Çempionlar ligasynyň rekordyny goýdy. Umuman alanyňda, Mýunheniň toparynyň oýunçylary hüjümde 17 urgy urdular.
Topar yzygider ikinji ýeňlişine sezewar boldy. 10-njy oktýabrda Mýunheniň kluby “Baýerden” utuldy (0:3). 2015-nji ýyldan bäri ilkinji gezek “Bawariýa” iki oýunda bir gol hem geçirmedi.

Günüň beýleki bir oýnunda Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” kluby Ispaniýanyň “Real Sosýedad” toparyny 2:0 hasabynda utdy.
Oýunda Kilian Mbappe (58-nji minut) we Bredli Barkolýa (71) gol bilen tapawutlandy.
Jogap oýny 6-njy marta geçilýän gije Ispaniýanyň San-Sebastýan şäherinde geçiriler.


şu gün 16:18
2.4k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.8k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....