Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy hasaba alyş ýerini Delawerden Newada ştatyna üýtgetdi

  • 14.02.2024 00:42
  • 7.1k+

Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy hasaba alnan ýerini Delawerden Newada ştatyna üýtgetdi. Bu barada Associated Press agentligine salgylanyp, Interfax.ru habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde, kompaniýanyň baş edarasy Kaliforniýada ýerleşýär. Mask Newadanyň sanawynda onuň prezidenti hökmünde görkezilýär.
Ýatlap geçsek, fewral aýynyň başynda Mask X sosial ulgamynda ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy Tesla-nyň hasaba alnan ýerini Delawerden Tehasa üýtgetmek barada haýal etmän paýdarlaryň arasynda ses berişlik geçirjekdigini ýazypdy. Çünki, Delaweriň kazyýeti Tesla-nyň müdirler geňeşiniň 2018-nji ýyldaky Ilon Maska kompaniýanyň ýolbaşçysy hökmünde 55,8 mlrd dollarlyk kompensasiýa bukjasyny bermek kararyny ýatyrdy. Kazyýet muny paýdarlara gatnaşykda adalatsyz hasaplady.
Bu wakadan soň, Mask sosial ulgamda: “Kompaniýany hiç haçan Delawer ştatynda hasaba almaň. Eger siz meseleleri paýdarlaryň çözmegini isleseňiz, Newadada ýa-da Tehasda hasaba durmagyňyzy maslahat berýärin” diýip ýazdy.


20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....