Braziliýanyň milli ýygyndysy soňky 20 ýylda ilkinji gezek Olimpiada gatnaşmaz

  • 14.02.2024 00:38
  • 7.7k+

Braziliýanyň milli futbol ýygyndysy Günorta Amerikada 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlary üçin saýlama ýaryşynyň final tapgyrynyň oýnunda Argentinanyň toparyndan utuldy. Duşuşyk Karakasda geçirildi we 1:0 hasabynda argentinalylaryň peýdasyna tamamlandy. 78-nji minutda Lusiano Gondu gol geçirdi.

Günüň beýleki bir oýnunda Paragwaýyň milli ýygyndysy Wenesuelanyň toparyny utdy – 2:0. Gollary Diego Gomes (48-nji minut, penaltiden) we Marselo Peres (75) öz hasabyna ýazdy.
Paragwaýlylar 7 utuk gazanyp, ýaryş jedwelinde birinji orny eýelediler. Ikinji orunda 5 utuk bilen argentinalylar ýerleşdi. Toparlaryň ikisi-de 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlandylar. Braziliýanyň topary 3 utuk gazanyp, üçünji orny eýeledi, wenesuelalylar (1 utuk) kwarteti jemlediler.
Argentinanyň milli ýygyndysy Olimpidada onunjy gezek oýnar. Paragwaýlylar üçünji gezek saýlandylar, olar Oýunlara 2004-nji ýyldan bäri gatnaşmadylar.
Braziliýanyň topary öňki iki Olimpiýa ýaryşynda ýeňiji boldy (2016, 2021). Soňky gezek topar Olimpiada 2004-nji ýylda saýlanyp bilmedi.


şu gün 16:18
5.9k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
6.1k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.6k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.9k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....