Moskwada pyýadalar indi ýolyşygyň täze yşaratyndan peýdalanarlar: ol nämäni  aňladýar?

  • 13.02.2024 23:59
  • 10k+

Moskwada köçeleriň çatryklarynda pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge niýetlenen täze ýolyşyklary synag etmek başlandy. Synag edilýän ýolyşyklar  ýaşyl yşyk ýanan wagty pyýadalar we öwrülýän awtoulaglar üçin ulagyň ak suduryny hem-de ýüzlenme belgisini ýakýar.

Şeýlelik bilen, pyýadalar öwrümde ulagyň peýda bolup biljekdigine has ünsli bolarlar diýip, Moskwanyň Ulag departamentine salgylanýan IXBT.com habar berýär.
Ozal beýle duýduryş diňe sürüjiler üçin ýanýardy, pyýadalar bolsa mümkin bolan  howpdan habarsyz galýardylar. Indi pyýadalara hem duýduryş berilýär. Bu çatryklarda ulag bilen utgaşykly hereket edilende ýol-ulag hadysalarynyň  töwekgelçiligini azaltmaga kömek eder diýip garaşylýar.
Moskwanyň şäher häkimliginiň wekiliniň sözlerine görä, şeýle ýolyşyklar garaşylýan netijäni görkezse, pyýadalar üçin geçmesi howply beýleki ýerlerde hem  gurlar. Häzirki wagtda synag Moskwanyň we Zelenogradyň bäş ýerinde dowam edýär.


27.05.2026 15:35
4k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....

11.05.2026 23:19
4.6k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

30.03.2026 18:52
3.6k+

Alymlar ýokary derejeli Gün partlamasyny hasaba aldylar

30-njy mart güni irden Günde ýokary derejeli X klasly partlama hasaba alyndy. Bu iki aýa golaý wagtyň içinde ilkinji gezek ýüze çykan şeýle hadysadyr....

19.11.2025 13:14
3.5k+

Russiýaly alymlar 60-dan gowrak näbelli wirusy ýüze çykardylar

Rospotrebnadzoryň "Wektor" atly ylmy merkeziniň alymlary Russiýada ozal öwrenilmedik 60-dan gowrak wirusy anykladylar. Bu barada RIA "Nowosti" habar berdi. Gözleg üçin nusgalar ýurduň 50 sebitinden gelip gowşupdyr...