Taryhda syýahatçylaryň açyk kosmosa ilkinji çykyş senesi belli boldy

  • 12.02.2024 10:40
  • 7.8k+

Hususy Polaris Dawn kosmos missiýasynyň işe girizilmegi 2024-nji ýylyň aprel aýyndan tomsuna süýşürildi. Bu barada Polaris Programm kompaniýasynyň wekilleriniň X sosial ulgamyndaky habaryna salgylanyp, gazeta.ru belleýär.

Polaris Dawn missiýasynyň dowamynda taryhda ilkinji gezek kosmos syýahatçylaryny gäminiň çäginden açyk kosmosa çykarmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de, topar birnäçe ylmy tejribeleri geçirmegi göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň belleýşi ýaly, öňde goýlan maksatlara ýetmek we ekipažyň Ýere howpsuz gaýdyp gelmegini üpjün etmek üçin taslama birnäçe aý taýýarlyk gerek bolar.
Missiýanyň topary dört adamdan – milliarder we Polaris kosmos maksatnamasyny dörediji Jared Aýzekmandan, ABŞ-nyň Harby howa güýçleriniň öňki polkownigi Skott Potitden hem-de SpaceX kompaniýasynyň inženerleri Sara Gillis bilen Anna Menondan düzüler.
Kosmos syýahatçylary SpaceX-iň Falcon 9 raketa göterijisiniň bortunda Crew Dragon modulynda orbita çykarlar. Ýerden daşary syýahat bäş gün dowam eder.
Bu Polaris Dawn-yň işe girizilmeginiň birinji gezek yza süýşürilmesi däl. Ilkibaşda missiýa 2022-nji ýylyň ahyrynda başlamalydy.


düýn 09:50
4k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
4.9k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.6k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.4k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......