2023-nji ýylda iň köp satylan 10 smartfonyň 7-si «iPhone» boldy

  • 12.02.2024 07:23
  • 8.1k+

2023-nji ýylda iň köp satylan 10 smartfon ýerlenilen bir milliarddan gowrak smartfonuň 246 millionyny emele getirýär. Bu barada «Canalys» analitika firmasynyň hasabatynda bellenilýär, kompaniýa hasabaty özüniň «X» (Twitter) sahypasynda paýlaşdy.

34 million enjam satuwy bilen birinji ýeri «iPhone 14 Pro Max» modeli eýeledi. «iPhone 15 Pro Max» 33 million enjam görkezijisi bilen kümüş medal aldy. Öz gezeginde, adaty «iPhone 14» smartfonundan 29 million sanysy satylyp, ol üçünji ýeri eýeledi.
Şeýle hem ilkinji onluga «iPhone 14 Pro» (29 million enjam), adaty «iPhone 13» (23 million enjam), «Samsung Galaxy A14 4G» (21 million enjam), «iPhone 15 Pro» (21 million enjam), «Samsung Galaxy A54 5G» (20 million enjam), «Samsung Galaxy A14 5G» (19 million enjam) we adaty «iPhone 15» (17 million enjam) girdi.

«2023-nji ýylda dünýäde iň köp satylan 10 smartfon modeliniň sanawynda ýedi sany «Apple» enjamy we üç sany «Samsung» enjamy bar. Bu «iPhone Pro-nyň» iň köp satylan smartfonlaryň ýyllyk reýtinginde birinji orny eýelän ilkinji ýyly boldy, bu bolsa premium derejeli segmentiň bazarynyň ösýändigini görkezýär» diýip, «Canalys» kompaniýasy bu sanawy teswirledi.

«Canalys» kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň dowamynda 1,14 milliard smartfon satyldy, bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 4 göterim azdyr.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.8k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....