Volkswagen Hytaýda BYD konserninden öňe geçip, lider boldy

  • 12.02.2024 06:29
  • 4.5k+

2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Germaniýanyň Volkswagen kompaniýasy Hytaýda awtomobil satuwy boýunça öňdebaryjy boldy. Bu barada Hytaýyň Ýeňil awtoulaglar assosiasiýasyna salgylanyp, CarNewsChina ýazýar. Muny ixbt.com ýetirýär.

Volkswagen 11 aý bäri birinji orny eýeleýän Hytaýyň BYD konserninden öňe geçmegi başardy. Ýanwar aýynda Volkswagen 209,5 müň awtoulag satdy, bu 10,29% bazar paýyna deňdir. BYD 191,1 müň awtoulag satyp, ikinji orny eýeledi. Üçünji orunda 141,7 müň satylan awtoulag bilen Toyota ýerleşdi.
Ýanwar aýynda Hytaý bazarynda iň meşhur modeller Changan CS75 Plus (50 494 birlik), Volkswagen Lavida (32 419 birlik) we BYD Song Plus (32 267 birlik) boldy. Şeýle-de, ilkinji onluga Nissan Sylphy, Aito Wenjie M7, Tesla Model Y, BYD Qin Plus, BYD Seagull, Volkswagen Sagitar we Honda CR-V girdi.
2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Hytaýda täze ýeňil awtoulaglaryň umumy satuw möçberi 2,04 mln birlik bolup, bu geçen ýylyň görkezijisinden 57,4% ýokarydyr. Elektromobilleriň we gibrid awtoulaglaryň paýy umumy möçberden 33,8%-e deň boldy.


şu gün 16:05
463

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......