Toyota kompaniýasy Corolla Cross krossoweriniň täzelenen görnüşini hödürledi

  • 12.02.2024 06:45
  • 9.8k+

Toyota kompaniýasy Corolla Cross krossoweriniň 2024-nji ýyl üçin täzelenen görnüşini hödürledi. Täze awtoulag gibrid hereketlendirijilerine, täze dizaýnly yşyk diodly faralara, üçekde panorama lýugyna we beýleki birnäçe täzeliklere eýe boldy. Model Günorta-Gündogar Aziýada dört görnüşde satylar diýip, ixbt.com habar berýär.

Corolla Cross 2024 kuwwaty 140 at güýjüne deň bolan 1,8 litrlik benzin hereketlendirijisi bilen üpjün edilendir. Gibrid görnüşinde 98 at güýjündäki içerki ýangyn hereketlendirijisi we ýangyç harçlanyşyny hem-de zyýanly maddalaryň zyňylmagyny azaltmaga mümkinçilik berýän 72 at güýjündäki elektromotor ulanylýar.
Yşyk diodly faralardan we panorama lýugyndan başga-da, täze model elektropriwod bilen yzky gapa we 18 dýuýmlyk ýeňil erginden ýasalan disklere eýe boldy.
Täze awtomobiliň salonynda 12,3 dýuýmlyk doly sanly displeý oturdyldy, ol awtomobiliň ýagdaýy barada ähli zerur maglumatlary görkezýär. Şeýle-de, Apple CarPlay we Android Auto simsiz tehnologiýalaryny goldaýan 10,1 dýuýmlyk sensor ekrany bar.
Sürüjiniň we ýolagçylaryň howpsuzlygy üçin heläkçilikden öň saklanma, radar kruiz dolandyryşy, hereket zolagyndan çykylandygy barada duýduryş, awtomatiki uzakdaky yşyk ýaly sistemalar göz öňünde tutulandyr. Mundan başga-da, Auto Hold funksiýaly elektrik duralga tormozy we ýedi howpsuzlyk ýassygyndan ybarat komplekt bar.
2024-nji ýylyň Corolla Cross krossoweri ýakyn wagtda Günorta-Gündogar Aziýada satuwa çykar. Baha we beýleki bazarlara çykyş senesi heniz habar berilmeýär.


24.06.2026 14:05
4.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......