2024-nji ýylyň ýanwary taryhdaky iň yssy ýanwar aýy diýlip ykrar edildi

  • 11.02.2024 13:07
  • 11k+

2024-nji ýyl temperatura rekordlarynyň tapgyryny dowam etdirdi. Ýanwar resmi taýdan gözegçiligiň taryhyndaky iň yssy ýanwar aýy diýlip ykrar edildi.

Copernicus howanyň üýtgemegi gullugynyň (CS3) hünärmenleri ýylyň ilkinji aýynda dünýädäki ortaça temperaturanyň 13,14 gradus bolandygyny, munuň bolsa 1991-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli döwür bilen deňeşdirilende, 0,7 dereje ýokarydygyny kesgitlediler. Şeýle hem bu görkeziji 2020-nji ýylda hasaba alnan öňki rekorddan 0,12 gradus ýylydyr.
Ýanwar aýy yzygiderli rekord hasaba alnan sekizinji aý boldy. 2023-nji ýylyň iýun aýyndan bäri her aý taryhyndaky iň yssy howany başdan geçirdi.
CS3-iň alymlary ölçeg işleri üçin emeli hemralardan, bütin dünýädäki gämilerden, uçarlardan we meteostansiýalardan toplumlaýyn maglumatlary ulanýarlar. Olaryň netijeleri soňky 12 aýyň dowamynda dünýädäki ortaça temperaturanyň 1991 – 2020-nji ýyllardaky görkezijiden 0,64 gradus, senagatlaşmak eýýamyndan öňki döwürden (1850 – 1900-nji ýý.) 1,52 gradus ýokarydygyny görkezdi.
Ýöne ýylylyk gyradeň ýaýramaýar. Demirgazyk Ýewropada, günbatar Kanadada, ABŞ-nyň merkezi böleginde we Gündogar Sibiriň köp böleginde ýanwar aýynda ortaça temperatura ortaça görkezijiden pes bolupdy. Munuň tersine, gündogar Kanadada, demirgazyk-günbatar Afrikada, Ýakyn Gündogarda we Merkezi Aziýada bolsa adatdakysyndan has ýyly boldy.


şu gün 12:21
4.4k+

Howanyň üýtgemegi geljekde ýagjak dolyny has iri we howply eder

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden......

28.05.2026 11:57
3.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

26.05.2026 15:47
10k+

Hindi poliseýleri yssy howa sebäpli içi kondisionerli başgap geýýärler

Hindistanda dowam edýän aşa yssy howa zerarly Nýu-Deliniň ýol polisiýasynyň işgärleri içine sowadyş ulgamy gurnalan şlemleri geýip başladylar....

12.05.2026 08:11
3.6k+

Reňkli plastikleriň tozany atmosferany aşa gyzdyryp başlady

Hytaýyň we ABŞ-nyň alymlarynyň bilelikde geçiren barlagy atmosferadaky reňkli plastik bölejikleriniň howanyň üýtgemegine çaklanyşyndan has güýçli täsir edýändigini ýüze çykardy. Barlagyň beýany Nature Climate......