«Türkmenaragatnaşyk» IT boýunça «Cisco Live 2024» atly halkara forumyna gatnaşdy

  • 11.02.2024 11:19
  • 3.8k+

5-9-njy fewral aralygynda Niderlandlaryň paýtagty Amsterdam şäherinde IT ulgamynyň gerimini giňeltmek, sanlylaşdyrmak, tor hyzmatlary we programma üpjünçiligi, kiberhowpsuzlyk babatynda tejribe alyşmak we bu ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça halkara «Cisco Live 2024» atly uly tehniki-okuw çäresi geçirildi.

Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa enjamlaryny öndüriji iň iri kompaniýalarynyň biri «Cisco Systems» tarapyndan her ýylda ýokary derejede geçirilýän bu foruma IT pudagynda ösüş gazanan ençeme ýurtlaryň wekilleri bilen birlikde, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada agentligiň resmi saýty habar berýär.
Bu çärä gatnaşýanlara döwrebap tehnologiýalar barada giňişleýin maglumat berýän seminarlara we sessiýalara gatnaşmak, halkara synaglara gatnaşyp Cisco şahadatnamasyna eýe bolmak, IT bilermenler bilen barlaghanalara gatnaşmak we olar bilen duşuşyp maslahat alyşmak, enjamlary we tehnologiýalary sazlamaga degişli özbaşdak tejribe barlaghanalarynda işleri geçirmek ýaly mümkinçilikler döredildi.
Şeýle hem, «Cisco Live 2024» atly uly tehniki okuw çäresiniň çäginde halkara sergi meýdançasy gurnaldy. Serginiň çäginde «Cisco Systems» kompaniýasynyň täze öndüren enjamlary bilen tanyşdyrylyp, olaryň tehniki häsiýetnamasy öwrenildi. Şonuň bilen birlikde, sergä gatnaşyjylar sergi meýdançasyndaky daşary ýurt kompaniýalaryň öndürýän önümlerini has giňişleýin öwrendiler.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» EAK-nyň we «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň hünärmenleri hem bu çärä işjeň gatnaşdylar. 5-nji fewralda türkmen wekiliýeti «Cisco Systems» kompaniýasynyň wekilleri, şeýle hem IT pudagynyň bilermenleri we programma üpjünçiligini döredijiler Matthias Wessendorf, Tarique Shakil bilen duşuşyklar geçirdiler. Duşuşygyň çäginde maglumat merkezi (Data Center), onuň tehnologiýalary we ätiýaçlandyrylmasy babatynda meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, aragatnaşyk pudagynyň hünärmeni «Cisco» synaglara gatnaşyp, synaglardan üstünlikli geçmegi başardy we Cisco Certified Specialist - Data Center Core atly abraýly şahadatnama eýe boldy.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......