Alymlar: Adamlar ýylda tas iki milliard tonna azyk önümlerini zyňýarlar

  • 11.02.2024 12:49
  • 13k+

Wageningen uniwersitetinden Alessandro Gatto we Perdýu uniwersitetinden Maksim Çepelew bilelikde 121 ýurtda azyk ýitgisi barada global maglumatlar bazasyny döretdiler. Olar FAO-nyň maglumatlar bazasyny ulanyp, GTAP-FBS-den sebitleriň arasyndaky haryt we hyzmat akymlary, şeýle-de ýerlerden peýdalanyş, suwdan peýdalanyş we bug gazlarynyň zyňyndylary baradaky maglumatlar bilen onuň üstüni ýetirdiler diýip, techno.nv.ua habar berýär.

Gözleg garyp ýurtlarda esasy ýitginiň sowadyş enjamlarynyň ýeterlik däldigi we fermer amallarynyň pes netijeliligi sebäpli önümçilik zynjyrynyň irki tapgyrlarynda ýüze çykýandygyny görkezdi. Ösen ýurtlarda bolsa esasy ýitgiler önümleriň aşa köp öndürilmegi we artykmaç sarp edilmegi sebäpli ýüze çykýar.
2004-nji ýyldan 2014-nji ýyl aralygynda dünýäde azyk ýitgisi 24 göterim ýokarlanyp, ýylda 1,92 milliard tonna ýetdi. Bu dünýä ilatynyň jan başyna 775 kilokaloriýa möçberinde gündelik ýitgä getirýär, şolardan 550 kilokaloriýa Günorta Aziýada we Saharadan günorta çenli Afrika ýurtlarynda ýitýär.
Dünýäniň oba hojalyk ýerleriniň we suw baýlyklarynyň tas 20 göterimi ahyrynda zyňylýan azyk önümleriniň önümçiligi üçin ulanylýar. Netijede, 1,8 milliard tonna CO2-ekwiwalent atmosfera goýberilýär.
Bu netijeler önümçiligiň we sarp edişiň ähli derejelerinde azyk ýitgisini azaltmak üçin çäre görmegiň zerurdygyny nygtaýar. Gözlegçileriň işi “Nature Food” žurnalynda neşir edildi.


14.05.2025 14:14
2k+

Arkadag şäherinde Bütindünýä Weterinariýa güni mynasybetli ylmy-usuly maslahat geçirildi

13-nji maýda Arkadag şäherinde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde guramagynda «Oba hojalyk mallaryň ýokanç we ýokanç däl keselleriniň öňüni alyş çärelerini kämilleşdirmek» atly ylmy-usuly maslahat geçirildi...

25.03.2025 17:29
3.7k+

Alymlar Hytaýyň Tibet daglyk ýerlerini oba hojalyk sebitine öwürmegi teklip edýär

Hytaýyň alymlar topary Tibetiň daglyk ýerlerini täze möhüm oba hojalyk sebitine öwürmegi teklip edýärler. South China Morning Post-yň (SCMP) habar bermegine görä, alymlar adaty ekerançylyk ýerlerine ýaramaz täsir...

08.02.2025 22:17
2.6k+

Hereket ýagtylygy we energiýany döredýär: öz-özüne zarýad berýän sensor döredildi

Halkara alymlar topary hereketi we basyşy bir wagtyň özünde elektrik energiýasyna we ýagtylyga öwürýän sensory işläp taýýarlady. Gurluş batareýasyz, awtonom işläp bilýär we halas ediş operasiýalarynda, sportda...

26.11.2024 11:57
2.4k+

Aşgabatda III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işine başlady

Şu gün Aşgabatda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy açyldy. Forum iki ýurduň ylmy hem işewür jemgyýetleriniň wekillerini...