Toyota Camry 2.5L-iň goşa hereketlendirijili görnüşiniň suratlary peýda boldy

  • 09.02.2024 00:09
  • 25k+

Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň resmi web sahypasynda Toyota Camry-niň iki motorly gibrid görnüşiniň suratlary çap edildi.

IXBT.com-yň habar bermegine görä, bu awtoulag TNGA-K platformasynda gurlup, kuwwaty näbelli elektrik hereketlendirijisi bilen jübütlenen 2,5 litrlik atmosfera hereketlendirijisini ulanar.
Gibrid güýç gurluşy aňry gitse, bary-ýogy 184 at güýjüni ýa-da 136 kWt-y öndürer.

Awtoulagyň umumy daşky görnüşi 2 litrlik içinden otlanýan hereketlendirijisi bolan gibrid görnüşinden känbir tapawutlanmaýar. Täze awtoulagyň çyralary C görnüşinde ýerleşýär. Kuzowyň gabarasy barada aýdylanda bolsa, täze önümiň uzynlygy, ini we beýikligi degişlilikde 4950, 1850 we 1450 mm, teker bazasy 2825 mm.
Suratlara seretseň, täze awtoulag iki reňkli kuzowy, sport äheňindäki alynky we yzky jähekleri we islegiňe görä, dürli tekerleri bolan dürli daşky görnüşleri hödürleýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......