Saud Arabystanynda dronly Lucid Air polisiýa elektromobilleri peýda boldy

  • 08.02.2024 07:42
  • 17k+

Saud Arabystanynda polisiýa işgärleri üçeginde dron oturdylan we uçuş meýdançasy bolan Lucid Air elektrokaryna geçdiler. Bu barada auto.ru žurnaly habar berýär.

Patyşalygyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin ýörite elektrokar ilkinji gezek Er-Riýadda geçirilen Bütindünýä goranmak sergisinde hödürlendi. Ulag gara-ak liwreýa eýe boldy.
Awtoulagyň üçegindäki dron guty bilen örtülendir. Konteýner awtomatik ýagdaýda açylýar, şondan soň kopter uçuşa taýýar. Ýöne elektromobiliň haýsy görnüşiniň polisiýa ulaglarynyň esasynda durandygy habar berilmeýär. Dört wersiýada hödürlenýän elektrokaryň bahasy 77,4 müň dollardan 249 müň dollar aralygynda üýtgeýär.
2022-nji ýylda baglaşylan şertnama laýyklykda, geljek 10 ýylda amerikan öndürijisi Lucid Motors Saud Arabystanynyň polisiýa gullugyna şeýle elektromobillerden 100 müň sanysyny iberer.
2023-nji ýylyň güýzünde patyşalygyň çäginde Arizonadaky baş kärhanadan iberilýän awtoulag böleklerinden elektromobilleriň önümçiligi başlandy. Häzire çenli 800-e golaý elektrokar ýygnaldy.
Häzirki wagtda Lucid Motors kompaniýasynyň paýnamalarynyň 62%-i Saud Arabystanynyň Döwlet gaznasyna (RIF) degişlidir. Hökümetiň kärhana umumy maýa goýumlary, takmynan, 10 mlrd dollara barabar.


20.03.2026 11:19
11k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

10.03.2026 13:50
8.9k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

19.02.2026 18:49
13k+

Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy...