Central Asian Music Awards ilkinji gezek Bişkekde geçiriler

  • 06.02.2024 19:59
  • 2.9k+

9-njy fewralda Bişkekde ilkinji gezek Central Asian Music Awards aýdym-saz baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy bolar.

Dabarada, dürli kategoriýalar boýunça ýeňijileri yglan etmek bilen bir hatarda, Bosson, DJ Feel, Ray Horton, Akcent we meşhur BLUE britan topary ýaly dünýä sahnasynyň meşhur ýyldyzlarynyň çykyş etmegine garaşylýar.

“Gyrgyzystanda şeýle derejeli sazandalara baýrak gowşurylyş dabarasy ilkinji gezek geçirilýär. Ýerine ýetirijileriň gazananlaryny belläp, köpçüligiň ünsüni çekip bileris diýip umyt edýäris. Üstünlikli bolsa, Central Asian Music Awards-y her ýyl geçirilmegi meýilleşdirýäris. Diňe bärde däl, eýsem Gazagystanda we Özbegistanda-da geçireris. Bu meselede Gyrgyzystan birnäçe gezek sebitde we halkara derejesinde hem meşhurlyk gazanan wakalaryň başyny başlaýjy boldy. Çarwadarlaryň Oýunlary muňa mysal bolup biler" – diýip, çäräniň guramaçylarynyň biri Jamilýa Muratowa belläp geçdi.

Central Asian Music Awards-yň gowşurylyş dabarasy 9-njy fewralda Gyrgyzystanyň Milli filarmoniýasynda geçiriler. Çäre 18:30 başlaýar.


04.06.2026 00:36
3.6k+

Merkezi Aziýada ilkinji: Yssyk-kölde seýrek duş gelýän haýwanlary dikeldiş merkezi gurulýar

Yssyk-köl döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde «Ak Ilbirs» ylmy-gözleg we dikeldiş merkeziniň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu barada Gyrgyzystanyň Tebigy serişdeler, ekologiýa we tehniki gözegçilik......

21.05.2026 08:57
3.4k+

Gazagystanda Merkezi Aziýada ilkinji bolup eVTOL aerotaksisi synagdan geçirildi

Gazagystanyň Almaty şäheriniň golaýyndaky Alatau şäherinde Merkezi Aziýada ilkinji gezek eVTOL aerotaksisiniň synag uçuşy geçirildi. Synag uçuşy howpsuzlyk talaplaryna laýyklykda ýolagçysyz amala aşyryldy....

10.05.2026 15:15
955

Tolqyn Film Fund Merkezi Aziýaly awtorlar üçin kino taslamalary bäsleşigini yglan etdi

«Tolqyn Film Fund» wençur gaznasy Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan awtorlar üçin täze kino taslamalary bäsleşiginiň açylandygyny mälim etdi....

05.04.2026 22:37
8.1k+

Gyrgyzystanyň daglarynda bir höwesjeň seýrek duş gelýän garaguşuň höwürtgesini tapdy

Günorta Gyrgyzystanyň daglarynda tebigaty söýüji bir adam seýrek duş gelýän guşuň - garaguşuň höwürtgesini tapdy....