Aşgabatda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

  • 06.02.2024 15:47
  • 4.4k+

5-nji fewralda Aşgabatda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu waka mynasybetli dostlukly döwletiň wekilçilikli topary ýurdumyza geldi. Onuň düzüminde ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, aýdym-saz, tans sungatynyň ussatlary, akrobatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri — “Ženmin Žibao” gazetiniň, “Sinhua” habarlar agentliginiň žurnalistleri bar.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy mynasybetli Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüne dostlukly ýurduň sungatynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar. Dabarada bellenilişi ýaly, Medeniýet ýylynyň çäklerinde Türkmenistanda geçirilen dürli çäreler iki ýurduň ugurdaş ulgamynyň wekilleriniň arasynda täze, netijeli döredijilik we hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga, halklarymyzyň köpugurly hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga şert döretdi. Çykyş edenler döwletlerimiziň Beýik Ýüpek ýolunyň galkynan döwründen gaýdýan köpasyrlyk dostluk we düşünişmek ýörelgelerine berk ygrarlydyklaryny tassyklamak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin anyk çäreleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler.
Bu ýerde guralan konsert maksatnamasynyň çäklerinde Hançžou şäheriniň Opera we tans drama teatrynyň artistleriniň, “On iki Sýantaý” sungat toparynyň çykyşlary ýerine ýetirildi. Oňa şowhunly aýdym-sazly, tans we akrobatika çykyşlary hem girizildi. Olarda janlandyrylan keşpler diňe bir hereketler we mimika bilen däl-de, köp sanly özboluşly grim aýratynlyklary bilen hem beýan edilýär. Milli lybaslar, sazlar, özboluşly ussatlyk bilen ýerine ýetirilen akrobatik çykyşlar tomaşaçylara hytaý sungatynyň gadymy we häzirki zaman ruhuny duýmaga, sirk sungatynyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän täsin horeografiýasyna, jadylaýjy güýjüne baha bermäge mümkinçilik döretdi.
Medeni maksatnamanyň çäklerinde hytaý wekiliýetiniň agzalary Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler. Şeýle hem myhmanlar üçin Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine gezelençler göz öňünde tutuldy.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......