Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýokary synp okuwçylaryň arasynda ders bäsleşikleriniň tapgyry geçiriler

  • 06.02.2024 15:42
  • 15k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşiklerini geçirýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Metbugat gullugynda habar berdiler.

Bäsleşigiň birinji tapgyry: fizika dersinden 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde, himiýa dersinden 2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde, matematika we häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary dersinden 2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde sanly ulgam arkaly geçirilýär.
Ders bäsleşikleriniň birinji tapgyrynda ýokary netijeleri görkezen okuwçylaryň arasynda fizika, himiýa, matematika we häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary okuw derslerinden ders bäsleşikleriň ikinji tapgyry Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde ýörite bellenilen bilim edaralarynda 2024-nji ýylyň 1-nji maýynda geçirilýär.


23.06.2026 18:58
2.7k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......