Seulyň kazyýeti Samsung-yň ýolbaşçysyny üç ýyldan gowrak dowam eden aýyplamadan soň aklady

  • 06.02.2024 14:50
  • 18k+

Samsung Electronics kompaniýasynyň müdirler geňeşiniň başlygy Li Çže Ýon gymmatly kagyzlar bilen baglanyşykly hilelerde günäkär däl diýlip ykrar edildi. Bu barada “Yonhap” agentligi habar berýär. Samsung Group-yň hakyky ýolbaşçysyna garşy kazyýet işi tas üç ýyl we alty aý dowam etdi.

Günorta Koreýanyň prokuraturasy 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda jenap Lini günäkär hasaplady. Ol paýnamalaryň bahalaryny galplaşdyrmakda, hasabat bilen bagly maliýe hilelerinde we 2015-nji ýylda Samsung-yň iki bölümçesiniň – Samsung C&T bilen Cheil Industries-iň arasyndaky şübheli şertnama gatnaşmakda aýyplandy. Aýyplaýanlar Li Çže Ýonyň az çykdajy bilen kompaniýalar toparyna gözegçiligi üpjün etmek üçin birnäçe nädogry ädim ädendigini öňe sürdüler.
Işewür ýalan bazar maglumatlarynyň ýaýradylmagynda, dahylly guramalaryň paýnamalarynyň satyn alynmagynda, Samsung C&T-niň paýnamalarynyň bahasyny peseltmek we Cheil Industries üçin bahalary ýokarlandyrmak maksady bilen şertnamanyň bikanun ýola goýulmagynda aýyplandy. Li Çže Ýon 23,2% paý bilen Cheil Industries-iň iň uly paýdarydy, Samsung C&T bolsa Samsung Group holdinginiň esasy kompaniýasydy.
Duşenbe güni kazyýet biznesi miras almak we oňa gözegçiligi üpjün etmek işinde işewür tarapyndan bikanun hereketleri tapmady. Kazyýet miras almagyň 2015-nji ýylda kompaniýalaryň birleşmeginiň ýeke-täk maksady bolmandygyny, şertnamadan paýdarlaryň maliýe taýdan zyýan çekendigini görkezýän subutnamanyň bolsa ýokdugyny karar etdi.
Şeýle-de, kazyýet birleşmek işinde aýyplanan Samsung-yň öňki işgärlerini hem günäkär däl hasaplady.


24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.6k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....