Ford dizaýny Golliwudyň aktrisasy tarapyndan işlenip düzülen özboluşly Mustang-y görkezdi

  • 06.02.2024 14:07
  • 10k+

Ford Golliwudyň aktrisasy Sidni Suininiň gatnaşmagynda işlenip düzülen özboluşly Mustang modelini görkezdi. Aktrisa awtoulagyň dizaýnyny işläp düzdi diýip, Carscoops-a salgylanýan Motor.ru habar berdi.

Bu Ford Mustang GT-iň diňe iki nusgasy öndüriler. Birini aktrisanyň özi alar, ikinjisi markanyň sosial ulgamlardaky abonentleriniň arasynda utuşa goýlar.
Sidni Suini köpden bäri Ford Mustang-yň muşdagy hasaplanýar. Ol baryp babasynyň F-100-ni sürmegi öwrenipdi. Koronawirus çäklendirmesi wagtynda 1969-njy ýylda çykan Broncon modelini dikeldip, bu barada dokumental film surata düşürdi.
Ozal aktrisa Ford bilen bilelikde markaly eşikler toplumyny çykardy, indi bolsa özboluşly awtoulag döretmekde öz güýjüni synap görmek isleýär.
Aktrisa awtoulagyň bezegine birnäçe äheň goşdy. Şeýlelik bilen, ulagyň kuzowy we salony Sidniniň marka nyşany bilen bezelendir - iki boltdan ýasalan ýürek we ulagyň petiginiň LED bezegi aktrisanyň gijeki gezelençlere bolan söýgüsini aňladýar.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....