Türkmen ilçisi Katarda Dar Al-sharq Metbugat merkezi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselesini maslahatlaşdy

  • 06.02.2024 13:03
  • 3.9k+

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow “Dar Al-sharq” Metbugat merkeziniň merkezi binasynda Merkeziň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary, “Al-sharq” gazetiniň baş redaktory Jaber Salem Al-Harmi bilen duşuşdy diýip, ORIENT habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurdyň arasynda alnyp barylýan köpugurly hyzmatdaşlyklary ösdürmek, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara garnaşyklary mundan beýläk hem işjeňleşdirmek barada maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň alyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda soňky ýyllarda ýeten belent sepgitleri we gazanylan medeni-taryhy, ykdysady we syýasy üstünlikleri, şeýle hem mümkinçilikleri barada aýratyn bellenilip, iki ýurduň arasynda we aýlag ýurtlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda alnyp barylýan syýasy, ykdysady we medeni ugurlardaky gatnaşyklary habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirmekde iki ýurduň uly mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy.
Bu babatda, “Al-sharq” gazetiniň baş redaktory Jaber Salem Al-Harmi ýokarda agzalan ugurlar boýunça türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy barada aýratyn belläp geçdi.


düýn 22:20
3.9k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.6k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....