Teýlor Swift “Ýylyň iň gowy albomy” üçin Gremmi baýragyna mynasyp boldy

  • 06.02.2024 13:21
  • 4.2k+

Teýlor Swiftiň “Midnights” albomy “Ýylyň iň gowy albomy” kategoriýasynda “Gremmi” aýdym-saz baýragyna eýe boldy. Los-Anjelesde geçirilen 66-njy baýrak gowşurylyş dabarasy CBS tarapyndan ýaýlyma berildi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Swiftden başga-da, bu nominasiýada ýeňiş üçin “World Music Radio” albomy bilen Jon Batist, “Endless Summer Vacation” albomy bilen Maýli Saýrus, “Did You Know That There’s a Tunnel Under Ocean Blvd” albomy bilen Lana Del Reý, “GUTS” albomy bilen Oliwiýa Rodrigo, “The Age Of Pleasure” albomy bilen Žanel Mone, “SOS” albomy bilen aýdymçy SZA we “The Record” albomy bilen Boygenius topary bäsleşdi.
Heýkeli almak bilen Swift täze albomynyň çykjakdygyny mälim etdi.

“Men muşdaklaryma minnetdarlyk bildirip, iki ýyl bäri saklaýan syrymy aýtmak isleýärin. Ol 19-njy aprelde täze albomymyň çykmagyndan we The Tortured Poets Department diýlip atlandyrylmagyndan ybarat” – diýip, ýerine ýetiriji aýtdy.

Swift üçin bu ýeňiş “Ýylyň albomy” nominasiýasynda dördünji ýeňiş boldy we bu rekord görkezijidir. Frenk Sinatranyň, Stiw Uanderiň we Pol Saýmonyň hersiniň hasabynda üç ýeňiş bar.


03.06.2026 22:59
2.6k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

30.04.2026 19:23
5.7k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....