Gyrgyzystanda ilkinji ýüzýän Gün elektrik stansiýasy işe girizildi

  • 05.02.2024 20:46
  • 14k+

Gyrgyzystanda ilkinji gezek ýüzýän Gün elektrik stansiýasy işe girizildi. Bişkek şäheriniň golaýyndaky gidroelektrik stansiýasynyň ýanyndaky suw howdanlarynyň birinde 200 Gün paneli oturdyldy. Häzirlikçe olar az güýç – bary-ýogy 95 kWt öndürýärler. Ol diňe 20-den gowrak maşgalany elektrik bilen üpjün etmäge ukyply.

«Onuň netijeliligi has ýokary, sebäbi çyglylyk, radiasiýa we Gün energiýasynyň kabul edilişi ep-esli ýokarlanýar» diýip, «Çakan GES-niň» baş direktory Nurlan Sadykow belledi.

Olar ähli möwsümlerde hem işleýär. Olar gyş aýlarynda – gündiziň gysgalýan döwründe hem elektrik energiýasyny öndürýärler. Suwuň üsti aýna täsirini hem döredýär. Paneller 100% işleýär. Şeýle hem olarda döwülýän we bejergä mätäç bölekler ýok. Bu bolsa amatlydyr we Gün elektrik stansiýasyny gidroelektrik stansiýasyndan tapawutlandyrýan aýratynlykdyr.
Gyrgyzystanyň ýolbaşçylarynyň bellemeklerine görä, howanyň global derejede üýtgemegi bilen baglylykda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek iň oňat çözgütdir. Şonda guraklyk ýurdy energiýadan mahrum edip bilmez.
Ýüzýän elektrik stansiýasynyň taslamasy dolulygyna we muzdsuz Aziýa ösüş banky tarapyndan maliýeleşdirildi.


05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

19.05.2026 08:02
5.5k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

11.05.2026 18:16
5.1k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

13.04.2026 00:13
4.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Bu barada «TDH» habar berýär....