Xiaomi dünýä bazaryna arzan Wi-Fi 7 routerini çykardy

  • 04.02.2024 23:52
  • 6.2k+

Xiaomi dünýä bazaryna täze önümini - diýseň elýeterli Wi-Fi 7 router Xiaomi BE 3600-i hödürledi diýip, NotebookCheck.net salgylanýan Ferra habar berýär.

Enjam Wi-Fi 7 goldawy arkaly ýokary we durnukly maglumat geçiriş tizligini, şeýle hem enjamy bar bolan simsiz ulgam infrastrukturasyna birleşdirmäge mümkinçilik berýän tor ulgamlaryny döretmegi ýönekeýleşdirmegi wada berýär.
Xiaomi BE 3600-iň bahasy bary-ýogy 49 dollar, ýöne alyjylar eltip berme üçin goşmaça 18 dollara çenli çykdaja garaşmaly bolarlar. Enjamy 30 dollara DHL, UPS ýa-da FedEx çaparçylyk gulluklary hem 5-10 günüň içinde eltip bilerler.
Router Wi-Fi 802.11a / b / g / n / ac / be standartlaryny goldaýar we MIMO goldawyny hödürleýär. Maglumatlaryň iň ýokary teoretiki tizligi 2,4 GGs diapazon üçin 688 Mbit / s we 5 GGs diapazon üçin 2.882 Mbit / s.
Enjam iň ýokary maglumat geçiriş tizligi 2,5 Gbit / s bolan bir Ethernet porty we gigabit tizligini goldaýan beýleki portlar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Routerde dört 1,1 GGs ýadrosy we 256 MB içerki ýady bolan Qualcomm prosessor bar. Dört antenna baglanyşygyň durnuklylygyny we toruň gurşawyny üpjün edip, şöhlelenmegi goldaýar.
Zerur bolanda Xiaomi-niň 10-a çenli routerini meş-tora birleşdirip bolýar we arkaýyn 128 sany müşderä çenli birikdirip boljakdygyny wada berýär.


18.06.2026 11:17
4.7k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....