Neýroulgam russiýaly programmist üçin gelinlik saýlady

  • 04.02.2024 21:22
  • 10k+

Programmist Aleksandr Žadan neýroulgama öz adyndan gyzlar bilen gepleşmegi öwretdi. Netijede, algoritm tanyşlyk sahypasyny ulanýan bäş müň gyzdan oňa gelinlik saýlady.

«Ilkibaşda kynçylyklar ýüze çykýardy, sebäbi programma meni tanamaýardy, meniň adymdan bolgusyz zatlar ýazyp bilerdi, ýöne soňrak men ony şeýle bir derejede kämilleşdirdim welin, ol meniň ýaly gyzlar bilen aragatnaşyk saklap başlady» diýip, programmist gürrüň berdi.

Ol bu täsin pikiriň adaty usulda ýanýoldaş tapmagyň kynlygy sebäpli ýüze çykandygyny öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, Žadan bu wezipäni neýroulgama tabşyrmagy makul bildi.
Tiz wagtda programma oňa Karina atly gyzy tapdy. Neýroulgam oňa geljekki gelni bilen nirä gitmelidigini, ol ýa-da beýleki ýagdaýda näme diýmelidigini, nädip köşeşdirmelidigini aýdýardy. Geçen ýylyň ahyrynda ulgam Aleksandra Karina özüne durmuşa çykmagy teklip etmegi maslahat berdi. Programmist bu maslahata eýerdi, şondan soň olar nika üçin ýüz tutdular.

«Karina bu maslahat barada ýakynda – nika baglaşmak üçin arza berenimizden soň habarly boldy, ol muny rahatlyk bilen kabul etdi» diýip, Žadan belledi.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 15:15
3.1k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

29.05.2026 15:22
9.5k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....