2023-nji ýylda dünýä awiakompaniýalarynyň ýolagçy dolanyşygy 37% ýokarlandy

  • 04.02.2024 21:08
  • 4.7k+

Dünýäniň awiakompaniýalary 2023-nji ýylda ýolagçy dolanyşygyny 36,9% ýokarlandyrdylar. Bu barada Halkara howa transport assosiasiýasyna (IATA) salgylanyp, interfax.ru habar berýär. Netijede, ol pandemiýadan öňki 2019-njy ýylyň derejesinden 94,1%-e çenli dikeldi.

Geçen ýyl Ýewropanyň awiakompaniýalary halkara gatnawlarynda ýolagçy dolanyşygyny 22% artdyrdylar. Bortlaryň dolulyk derejesi 2022-nji ýyldaky 80,7%-den 83,8%-e çenli ýokarlandy.
Demirgazyk Amerikada birinji görkeziji 28,3% ýokarlandy, ikinji görkeziji bir ýyl ozalky 80,7%-e garşy 84,6%-e ýetdi. Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde ýolagçy dolanyşygy 126% ýokarlandy, gatnawlaryň dolulygy 74,1%-den 83,1%-e çenli artdy.
Hytaýda içerki howa gatnawy geçen ýyl tas 139% ýokarlandy we häzir pandemiýadan öňki derejeden 7,1% ýokarydyr.
Dünýä awiakompaniýalarynyň ýük dolanyşygy geçen ýyl 1,9% azaldy. 2019-njy ýylyň görkezijisine degişlilikde ol 3,6% azdyr diýip, assosiasiýanyň hasabatynda habar berilýär.
IATA dünýäniň ähli ýerinden global awiagatnawlaryň, takmynan, 83%-ini emele getirýän 320 awiakompaniýany öz içine alýar.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......