Google “ýaşyl” elektrik energiýasyny satyn almak barada iň uly şertnamasyny baglaşdy

  • 04.02.2024 20:56
  • 2.5k+

Amerikan tehnologiýa ägirdi Google Niderlandlaryň kenarýakasyndaky deňiz ýel energetika taslamalaryndan gaýtadan dikeldilýän elektrik energiýasy bilen üpjün etmek barada taryhda iň uly şertnamany baglaşdy. Bu barada kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Gürrüň Shell energetika korporasiýasy bilen Eneco kompaniýasynyň bilelikdäki kärhanalary – Crosswind we Ecowende konsorsiumlaryndan 478 megawatt elektrk energiýasyny satyn almak baradadyr. Google üçin elektrik energiýasyny iki sany täze deňiz ýel elektrik stansiýasy Hollandse Kust Noord (HKN) Zone V we Hollandse Kust West  (HKW) Site VI öndürer. HKN 2023-nji ýylda ulanylyşa girizildi, HKW-ni bolsa 2026-njy ýyla çenli işe girizmek meýilleşdirilýär. Energiýa Google-yň Niderlandlardaky iki sany maglumat merkezini üpjün etmäge gönükdiriler.
Şeýle-de, Google Italiýada, Polşada we Belgiýada gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri barada ownuk şertnamalary yglan etdi, ýöne gazanylan ylalaşyklar barada hiç hili maliýe maglumatlaryny aýan etmedi.
Rekord şertnama Google-yň 2030-njy ýyla çenli maglumat merkezleriniň işini uglerodsyz energiýa bilen üpjün etmek meýilnamasynyň bir bölegi boldy.


02.06.2026 20:46
4.5k+

Italiýa elektrik togunyň ölçeg birliginiň adyny üýtgetmegi teklip edýär

Italiýanyň Hökümeti elektrik naprýaženiýesiniň halkara ölçeg birliginiň adyny «woltdan» «wolta» diýip üýtgetmek başlangyjy bilen çykyş etdi....

25.05.2026 16:14
5.5k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....

23.05.2026 11:14
2.8k+

Bir ýadro reaktorynyň deregi üçin 9 mln sany Gün paneli gerek bolar

Häzirki zaman ýadro reaktorynyň (atom elektrik stansiýasynyň) öndürýän elektrik energiýasynyň mukdaryna ýetmek üçin takmynan 8,5–8,7 million sany Gün paneli gerek bolar. Bu barada BGR neşiriniň taýýarlan......

09.05.2026 18:35
5.7k+

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr......