Germaniýanyň Gamburg şäherinde gurbagalar üçin tunnelleriň gurluşygyna ýarym million ýewro sarp edildi

  • 03.02.2024 13:47
  • 14k+

Germaniýanyň Gamburg şäheriniň Blankeneze sebiti gurbagalaryň we howdan tritonlarynyň populýasiýasynyň azalmak meselesi bilen ýüzbe-ýüz boldy, bir ýylyň içinde gurbagalaryň sany üçden bir azaldy.

Report agentliginiň Bild neşirine salgylanyp habar bermegine görä, bu mesele bilen baglylykda “Ýaşyllar” partiýasyndan ýerli syýasatçylar gurbagalar üçin polatdan we betondan dört tunneliň gurluşygyna tas ýarym million ýewro bölüp bermek kararyna geldiler.
Ýöne bu karardan ýerli salgyt töleýjileriň ählisi nägile boldy, olar şeýle çykdajylary esassyz hasaplaýarlar. Şeýle-de, olar tunnelleriň hereketli ýollaryň aşagyndan däl-de, asuda köçeleriň we welosiped ýodalarynyň aşagyndan gurlandygyny belleýärler.
Muňa garamazdan, gurluşykçylar täze tunnelleriň Blankenezede gurbagalaryň we howdan tritonlarynyň populýasiýasyny saklamaga kömek etjekdigine ynanýarlar. Geçen ýyl ýerli tebigaty goraýjylar müňden gowrak gurbagany hasaba aldylar, bir ýyldan soň bolsa olaryň sany 616 birlige çenli azaldy.


08.06.2026 08:03
5.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......