Ýewropa Wenerany ýadrosyndan başlap, atmosferasyna çenli öwrenmek üçin gözleg zondyny goýbermegi meýilleşdirýär

  • 03.02.2024 13:51
  • 4.5k+

Ýewropa kosmos gullugynyň (ÝKG) Ylym Maksatnamasy Komiteti Weneranyň  ýadrosyndan başlap, atmosferasyna çenli öwrenmek üçin kosmos stansiýasyny işläp taýýarlamagy we işe girizmegi öz içine alýan EnVision missiýasyny resmi taýdan tassyklady. Missiýa üçin esasy potratçy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli saýlanar we Ýewropanyň agyr Arian 6 raketasynda apparaty goýbermeklik 2031-nji ýyla  meýilleşdirildi diýip, 3DNews habar berýär.

Wenera käwagt Ýeriň “erbet ekiztaýy” hem diýilýär, sebäbi iki planetanyň gurluş, massa we gabara häsiýetnamalary birmeňzeş. Esasy tapawut, Weneranyň üstündäki temperaturanyň ortaça 464 ° C we howa basyşynyň Ýer ýüzündäkiden 92 esse ýokary bolmagydyr.
Alymlar bu planetanyň taryhyny öwrenmek hem-de ol ýerde haçan nämäniň ters öwrüm alyp başlandygyny bilmek isleýärler? Orbital EnVision Wenera zondy radarlary we spektrometrleri ulanyp, bu planetanyň ýadrosyndan başlap, üstüni we tutuş atmosferasyny öwrenjek ilkinji enjam bolar. Weneranyň üstündäki gurluşlary tanamagyň takyklygy, takmynan, 10 m bolar, bu bolsa öňküsinden, takmynan, 10 esse ýokarydyr. Şeýle hem, bu gözlegçilere Ýeriň ewolýusiýasy baradaky düşünjelerini artdyrmaga kömek eder.
Bu Wenera ikinji Ýewropa missiýasy bolar. “Wenera Express” programmasy (2005-2014) döwründe ÝKG planetanyň atmosferasy barada möhüm maglumatlary ýygnady we planetanyň üstündäki mümkin bolan wulkan ojaklaryna yşarat edýän gyzykly açyşlar etdi. Atmosferany öwrenmek Weneranyň atmosfera hereketlerine we howasyna işjeň gözegçilik etmegi dowam etdirýän JAXA-nyň “Akasuki” missiýasy bilen dowam etdirildi.
ÝKG bilen bir hatarda NASA hem Wenerany öwrenmek boýunça taslamalaryny durmuşa geçirýär - gulluk DAVINCI-yň we VERITAS-yň awtomatiki gözleg zondlaryny planeta çykarmagy göz öňünde tutýar.


düýn 08:10
4.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......