Samsung 2023-nji ýylda çipleriň bazarynda rekord 11, 2 mlrd dollar ýitirdi

  • 02.02.2024 13:18
  • 3k+

Dünýäniň iň iri RAM öndürijisi Samsung Electronics -iň operatiw girdejisi geçen ýylyň dördünji çärýeginde 34%, ýagny 2,11 milliard dollara çenli azaldy we 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýarymgeçirijileriň üpjünçiligindäki ýitgiler rekord derejede 11,2 milliard dollara ýetdi diýip, Bloomberg gullugyna  salgylanýan 3DNews habar berýär.

Deňeşdirmek üçin, 2022-nji ýylyň jemleri boýunça Samsung-yň ýarymgeçiriji önümleri satmakdan alýan girdejisi 17,8 milliard dollara ýetdi.
Şol bir wagtyň özünde, soňky çärýekde ýitgiler 1,63 milliard dollara çenli azaldyldy we geçen ýylyň ahyrynda önümleriň käbir görnüşleriniň önümçiliginiň hatda azaldylmagy şertlerinde hem 39,8 milliard dollar derejesinde galdy.
Bu ýyl Samsung kompaniýanyň dikelmegine kömek etmeli generatiw emeli aň ulgamlary üçin HBM çipleri we RAM ibermeklige esasy ünsi jemlär. Geçen çärýekde kompaniýa HBM iberilişini 40% artdyrmagy başardy we indi ýolbaşçylar bu ugurda öňdebaryjylygyny berkitmäge garaşýarlar.
Şertnamanyň çäginde Samsung şu çärýekde girdeji ýagdaýynyň gowulaşmagyna garaşmaýar, sebäbi müşderileriň köpüsi entegem pandemiýadan soňky toplanan artykmaç önümlerini “özleşdirýärler”.
Jübi enjamlary segmentinde has gymmat smartfonlaryň meşhurlyga eýe bolmagy, täze planşet modelleriniň çykmagy we geçen ýylyň ahyrynda dakylýan enjamlar segmentinde söwdanyň şowly bolmagy netijesinde Samsung-yň girdejisi 60% -den gowrak ýokarlanyp, 2,05 milliard dollara ýetdi. Bu ýyl kompaniýa emeli aňy çaltlandyryş aýratynlygy bolan we çeýe displeýli modelleri goşmak bilen, flagman smartfonlarynyň iberilişini onlarça göterim artdyrmagy meýilleşdirýär.


24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.6k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....