Threads bir aýda App Store-da we Google Play-de ýükläp almalaryň  sanyny üç esse artdyryp, ilkinji onluga girdi. X 36-njy ýere düşdi

  • 02.02.2024 14:09
  • 4.1k+

Meta kompaniýasynyň Twitterde bäsdeşlik döreden Threads mikroblog platformasy ýene-de çalt depginde ösýär. Dekabr aýynda programma, noýabr aýy bilen deňeşdirilende, ýükläp alyşlarynyň sanyny üç esse köpeldip, App Store we Google Play-de iň köp ýüklenen programmalaryň onlugyna girdi diýip, TechCrunch-e salgylanýan 3Dnews habar berýär. 

Appfigures seljeriş şereketiniň habaryna görä, agzalan aýda App Store-da  Threads 12 million gezek ýüklenip alyndy, bu bolsa programmany dükanda iň köp göçürilen dördünji programma etdi. Google Play-de onuň 16 million gezek ýüklenip alnandygy  göründi we 8-nji ýeri eýeledi. Şeýle hem, iki dükanda-da programma täze gurnamalar boýunça altynjy orny eýeledi.
Threads goýberilen dessine, derrew rekord öňe gidişligi görkezdi: bary-ýogy bäş günde 100 million ulanyjy hasaba alyndy. Sentýabr aýyndan başlap gündelik ýükläp alýanlaryň sany azalmaga başlady, ýöne dekabr aýyna çenli Meta Facebookda Threads-iň wirusly mowzuk ýazgyly mahabat kampaniýasyny goýbermek bilen, ýagdaýy üýtgetmegi başardy. Häzirki wagtda platformada eýýäm 160 million ulanyjy bar, ýöne Meta olaryň haýsy böleginiň işjeňdigini seýrek habar berýär. Oktýabr aýyndaky ýagdaýa görä, olaryň sany 100 milliona sähel ýetenokdy; Kompaniýa 1-nji fewralda çärýegiň hasabatynyň gidişinde maglumatlary täzeläp biler.
Şol bir wagtyň özünde, ýükläp almak boýunça rekord görkezijiler Metanyň başga bir taslamasyna degişlidir - dekabr aýynda App Store-da we Google Play-de Instagram (54 million ýükleme), hatda, TikTok -danam ozduryp, iň köp ýüklenen programma boldy. Hytaýyň gysga wideo hyzmatyny ulanýanlar TikTok Shop-yň aşa köpdüginden zeýrenýärler.
Emma Treads açylandan soň, oktagonda Metanyň eýesi bilen çaknyşmaga taýynlanýan Ilon Maskyň X sosial ulgamy pese gaçyşy görkezmegini dowam etdirýär. Dekabr aýynyň jemi boýunça öňki Twitter-iň programmasy App Store -da we Google Play-de bary-ýogy 9 million gezek ýüklendi - umumy sanawda 36-njy orny eýeledi, hatda, Zoom-dan hem yza galdy.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....