Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Patyşasyny tagta geçmegi bilen gutlady

  • 02.02.2024 12:32
  • 6.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Sultan Ibrahim ibni Almarhum Sultan Iskandara Malaýziýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany hatynda Türkmenistanyň Malaýziýa bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belläp, ony mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.
Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Sultan Ibrahim ibni Almarhum Sultan Iskandara berk jan saglyk, bagtyýarlyk, asylly başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.
Kasam kabul etmek dabarasy çarşenbe güni Kuala-Lumpurda patyşalyk köşgünde geçirildi. Sultan Ibragim döwlet döredileni bäri hasap boýunça 17-nji Patyşa boldy. Ol tagtda Pahang ştatynyň mirasdüşer hökümdary Sultan Abdulla Riýatuddin Al-Mustafanyň ornuna geçdi. Abdullanyň bäş ýyllyk ygtyýarlyklarynyň möhleti 30-njy ýanwarda doldy.

Malaýziýa konstitusion monarhiýa döwletidir. Malaýziýanyň Patyşasy 1963-nji ýylda Malaýziýa Federatiw döwleti döredilende ştatlaryň hukugynda döwletiň düzümine giren ştatlaryň dokuz sany Soltanlaryndan 5 ýyl möhlete saýlanylýar.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......