"Galkynyş" gaz käninde 14 sany täze guýy ulanyşa giriziler

  • 01.02.2024 17:03
  • 9.2k+

“Türkmengaz” döwlet konserni “Galkynyş” käninde 14 sany täze guýyny ulanyşa girizer. Guýulary gurmakda serwis hyzmatlaryny bermek üçin potratçylary saýlamak boýunça halkara bäsleşigi Türkmenistanyň resmi metbugat sahypalarynda çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler hukuk derejesini, bank rekwizitlerini we beýleki maglumatlary görkezip, ýazmaça arza bermeli, şeýle hem goşulan baha salgydyny hasaba alyp, degişli tölegleri geçmeli. Bäsleşik boýunça teklipler bildirişiň resmi sap edilen gününden başlap, 14 iş güni kabul ediler.
“Galkynyş” käni – dünýäde iň iri känleriň biri. Häzirki wagtda Türkmenistan “mawy ýangyjyň” eksport möçberlerini artdyrmak üçin bu käniň tebigy gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça toplumlaýyn işleri durmuşa geçirýär.
Bäsleşik üçin resminamalar Aşgabat şäherinde Arçabil şaýoly, 56 binasynda kabul edilýär.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......