Futbol klublary 2023-nji ýylda transferlere rekord mukdarda pul sarp etdiler

  • 01.02.2024 16:14
  • 10k+

FIFA web sahypasynda 2023-nji ýyldaky transfer hasabatyny çap etdi.

Ýylyň dowamynda serhetara 74836 sany transfer geçirilendigi bellenilýär. Bu transferleriň, takmynan, 23689-si (31,7%) professionallar (erkekler we zenanlar klublary) tarapyndan amala aşyryldy, galan 51 147 transfer (68,3%) bolsa höwesjeňlere degişlidir.
Futbol klublarynyň transferlere sarp eden umumy çykdajylary 9,63 milliard dollara ýetdi, bu 2022-nji ýyldakydan 48,1% köpdür. 2023-nji ýyldaky görkeziji 2019-njy ýylda goýlan öňki rekorddan (7,35 milliard dollar) 2 milliard dollardan hem köpdür.
Esasy 10 transferiň umumy bahasy sarp edilen ähli puluň 10%-den gowragyny emele getirýär. Pul tölenen 3279 transferden iň iri 100 transferiň umumy bahasy jemi çykdajylaryň 45%-den gowragyny düzýär, Angliýanyň klublary 2,96 milliard dollar bilen sanawda birinji orunda durýar.
Nemes klublary oýunçy satmakdan gazanylan girdejileriň sanawynda birinji orunda durýar, olar 1,2 milliard dollardan gowrak girdeji gazandylar. Geçen ýylda bolşy ýaly, Portugaliýanyň klublary beýleki döwletlere görä has köp oýunçy satyn aldylar (1017). Braziliýanyň klublary, tersine, köp oýunçy satdylar (1217).
2023-nji ýylda jemi 1024 klub halkara transferlerine pul harçlady. Taryhda ilkinji gezek 1000-den gowrak topar daşary ýurtlardan futbolçy transfer etdi. Transfer töleglerini alýan klublaryň sany 1241 boldy, bu-da täze rekorddyr.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......