Ford Edge önümçilikden aýrylýar

  • 01.02.2024 14:37
  • 3k+

Ford kompaniýasy önümçilikden Edge krossowerini aýyrýar. Soňky nusga Kanadanyň Okwill şäherindäki zawodyň konweýerinden 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde çykar.

Ford Edge 2006-njy ýylyň başynda Detroýtdaky awtosalonda ilkinji gezek görkezildi, şondan soň Kanadadaky zawodyň konweýerine girdi. Bu ABŞ-da hem öňdäki, hem doly herekete getiriji bilen elýeterli bolan 4,7 metr uzynlykdaky orta ölçegli krossowerdir.
Häzire çenli model neslini üýtgedip, birnäçe gezek täzelendi. Ol ençeme baýraklara mynasyp boldy, şol sanda “Iň gowy maşgala awtomobili” (2007-nji ýyl) diýlip ykrar edildi, şeýle-de Amerikanyň Ýol howpsuzlygynyň ätiýaçlandyryş institutynyň (IIHS) Top Safety Pick reýtingine girdi.
Şonuň bilen birlikde, Ford ABŞ-da SUV hataryny azaltmagy we geljekde pikaplara hem has gymmat üç hatarly modellere ünsi jemlemegi maksat edinýär. Önümçilikden aýrylmaga indiki dalaşgär ABŞ-dan daşary Kuga hökmünde belli bolan Escape-dir. Resmi däl maglumatlara görä, bu 2025-nji ýylda bolar.
Şeýle-de, Okwilldäki zawoda 145 mlrd dollar maýa goýlar we bäş sany elektrik modelini çykarmak üçin enjamlaşdyrylar. Olaryň birinjisi 2025-nji ýylda peýda bolar, 2028-nji ýylda bäşisi-de önümçilik hataryna girer.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....