Hindistan ýene üç ýyldan dünýäde üçünji uly ykdysadyýete öwrülip biler

  • 01.02.2024 14:40
  • 10k+

Hindistanyň jemi içerki önümi 2027-nji ýyla çenli nominal hasabynda 5 trillion dollar bolar. Bu görkezijä görä, ýurt Ýaponiýadan we Germaniýadan ozduryp, dünýäde üçünji orny eýelär diýip, Hindistanyň Maliýe ministrliginiň çaklamalaryna salgylanýan ntv.ru habar berýär.

Häzirki wagtda Hindistan 3,7 trillion dollara ýetýän jemi içerki önümi bilen dünýäde bäşinji orunda durýar. Ýurt ABŞ-dan, Hytaýdan, Ýaponiýadan we Germaniýadan soň bäşinji ýerde durýar.
Şol bir wagtyň özünde, Goldman Sachs-yň seljerijileriniň tassyklamagyna görä, uzak geljekde, takmynan 2075-nji ýyla çenli Hindistan ABŞ-dan öňe geçip, Hytaýdan soň ikinji ýeri eýeläp biler.
Maliýe ministrliginiň hasabatynda 1-nji aprelde başlaýan 2024-nji maliýe ýylynda hindi ykdysadyýetiniň azyndan 7% ösjekdigi aýdylýar.

"Sarp edijileriň çykdajylaryny we maýa goýumlary öz içine alýan güýçli içerki isleg hökümetiň soňky on ýylda amala aşyran özgertmeleriniň we beýleki çäreleriniň netijesidir".


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:18
7k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......