Hytaýda alymlar ýitip gitmekden goramak üçin ilkinji gezek tibet sygyrlaryny klonladylar

  • 31.01.2024 15:33
  • 17k+

Hytaýly alymlar tibet sygyrlarynyň ýitip gitmek howpy abanýan iki görnüşini ilkinji gezek klonladylar diýip, mail.ru «China Daily» neşirine salgylanyp habar berýär.

Hünärmenler klonlamak üçin Tibetde tapylan Çžanmu we Apeiýszýaza tohumlaryny saýladylar. Netijede, ýanwar aýynda her tohumdan dört erkek göle almak başartdy.
Şeýlelik bilen Tibet tohumyna degişli iri şahly mallarynyň ilkinji gezek üstünlikli klonlanandygy bellenilýär.
Ozal, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda «SinoGene» kompaniýasynyň baş direktory Mi Szidun hytaýly alymlaryň dünýäde ilkinji bolup Arktika möjegini klonlandyklaryny habar berdi. Ilkinji möjek çagasy Harbin polýar seýilgähiniň sargydy esasynda klonlanyldy. Kompaniýa bu netijeleri ýitip barýan ýabany görnüşleri goramak we köpeltmek ugrundaky öňegidişlik diýip atlandyrdy.


düýn 20:08
2.1k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
5.9k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......

25.05.2026 16:14
5.4k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....