Diňe iPhone-a. iPad-a App Store-dan başga ykjam goşundy dükanlary goşulmaz

  • 31.01.2024 15:31
  • 2.8k+

«Apple» kompaniýasy «iPad-lara» başga kompaniýalaryň ykjam goşundy dükanlarynyň goşulmajakdygyny aýtdy. Bu barada lenta.ru 9to5Mac neşirine salgylanyp habar berýär.

Korporasiýa ýanwar aýynyň ahyrynda yglan edilen «iOS-da» başga kompaniýalaryň ykjam goşundy dükanlarynyň goldawynyň «iPad» platformasynda peýda bolmajakdygyny aýtdy. Şeýlelikde, «Apple» planşetleri «iPhone» smartfonlarynda peýda boljak möhüm funksiýalardan mahrum edildi.
Bellenilmegine görä, «iPadOS-da» «App Store-dan» başga dükanlardan ykjam goşundylary ýüklemek mümkinçiligi, «Apple Pay-dan» başga töleg ulgamlary we täze brauzerler bolmaz. Şeýlelikde, kompaniýa Ýewropanyň Sanly bazarlar hakynda kanuny (DMA) diňe «iOS-a» degişli, «iPadOS» bolsa düýbünden başga operasion ulgam diýip hasaplaýar.
2019-njy ýyla çenli «iOS» «iPhone» we «iPad» üçin bitewi ulgamdy. Emma bäş ýyl ozal «Apple» öz planşetleri üçin «iPadOS» çykardy. Şeýle-de bolsa, «iOS» we «iPadOS» birmeňzeş binýada eýe hem-de biri-birinden ujypsyz tapawutlanýar diýlip hasaplanýar.


düýn 21:09
611

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....