"RŽD-niň" wekilleri Arkadag şäherinde demir ýol gatnawlaryny ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar

  • 31.01.2024 12:48
  • 13k+

Türkmenistana Russiýa Federasiýasynyň «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» (RŽD) açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary S.Pawlowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet sapar bilen geldi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berilýär.

Saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda demir ýol ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we bu ugurdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary, öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar.
“RŽD-niň” baş direktorynyň orunbasary S.Pawlowyň “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradow bilen geçiren duşuşygynda myhman ýurdumyzyň ulag-logistika düzüminiň ösüş tapgyrlary, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ýagdaýy, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin bar bolan mümkinçilikler bilen tanyşdyryldy. Wekiliýetiň ýolbaşçysy Türkmenistanda halkara ähmiýetli ulag ýollaryny peýdalanmak boýunça döredilen şertleriň derejesine ýokary baha berip, munuň halkara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şertini emele getirýändigini nygtady.
Dostlukly ýurduň wekillerine ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäherine — Arkadag şäherine aýlanyp görmäge hem mümkinçilik döredildi. Arkadag şäheriniň häkimliginde geçirilen duşuşyk netijeli häsiýete eýe bolup, onuň dowamynda häzirki zamanyň nusgalyk şäherinde demir ýol ulaglarynyň mümkinçiliklerini artdyrmagyň uly geljeginiň bardygy bellenildi. Şoňa görä-de, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň ugurlary babatda pikir alyşmalaryň çäklerinde täze şäherde demir ýol gatnawlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Soňra myhmanlar “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň gözel ýerlerine baryp gördüler.


düýn 23:05
636

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
768

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......