The Korea Herald habarlar agentliginiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Seuldaky ilçihanasyna bardy

  • 31.01.2024 11:49
  • 4.6k+

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynda türkmen ilçisi B.Durdyýew «The Korea Herald» habarlar agentliginiň ýolbaşçysy Çoý Jin Ýong bilen duşuşyk geçirdi. Oňa agentligiň tanymal habarçysy Sanjaý Kumar hem gatnaşdy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda maglumat ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini, şol sanda, Türkmenistanyň daşary we içeri syýasaty baradaky habarlary media-holdingiň binýadynda ýerleşdirmek nukdaýnazaryndan özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Pikir alyşmalaryň çäklerinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew söhbetdeşlerine ýurdumyzda häzirki wagtda amala aşyrylýan möçberli özgertmeler barada habar berdi. Şunuň bilen birlikde, döwletiň maglumat syýasatyna aýratyn üns çekildi.
Türkmen tarapy Koreýa Respublikasynyň habarlar agentlikleri bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň wajyp bolup durýandygyny nygtamak bilen, iki ýurduň ýeten üstünlikleri we olarda bolup geçýän möhüm wakalar baradaky täzelikleri hem-de habarlary alyşmaklygy hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.
Ilçiniň bellemegine görä, 2024-nji ýyl Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygaryň astynda geçýär, munuň özi bolsa, milli we halkara derejelerinde Gündogaryň beýik şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp guraljak dürli çäreleri göz öňünde tutýar. Şu nukdaý nazardan, Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýä ýüzünde ykrar edilmeginiň aýdyň nyşany hökmünde Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) çäklerinde şu ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigi barada nygtaldy. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda gadymy türkmen şäheri Änewiň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilendigi bellendi.


şu gün 19:25
449

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

şu gün 07:51
1.8k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
2k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......