ABŞ milli we ykdysady howpsuzlyga abanýan wehimi azaltmak üçin emeli aňyň düzgünleşdirilmegini güýçlendirer

  • 30.01.2024 14:09
  • 9k+

ABŞ-nyň häkimiýetleri emeli aň bilen baglanyşykly işläp taýýarlamalar bilen meşgullanýan kompaniýalar üçin täze düzgünleri girizýär. Bu, esasan, OpenAI we Google ýaly uly oýunçylara degişli bolar diýip, ferra.ru habar berýär.

Indi şeýle kompaniýalar hökümeti düýpli emeli aň modelleriniň işlenip taýýarlanylyşy barada habardar etmeli bolarlar.
Talap ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda yglan eden buýrugynyň bir bölegidir. Buýruga laýyklykda, kompaniýalardan federal hökümeti habardar etmek we milli ýa-da ykdysady howpsuzlyga, şeýle-de jemgyýetiň saglygyna çynlakaý howp salýan islendik düýpli model üçin howpsuzlyk synaglarynyň netijeleri bilen paýlaşmak talap edilýär.
Ýatlap geçsek, OpenAI-den GPT-4 we Google-dan Gemini ýaly modeller generatiw emeli aň çat-botlary üçin esas bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde, GPT-4-üň hökümet tarapyndan gözegçiligi talap edýän hasaplaýyş kuwwatynyň çägine, ähtimal, ýetmeýändigi bellenilýär.


05.06.2026 15:39
2.2k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
7.5k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

30.05.2026 19:37
9k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......