X sosial ulgamynda sporta goýum kabul etmek aýratynlygynyň peýda bolmagy mümkin

  • 31.01.2024 14:31
  • 4.5k+

Ilon Mask X (öňki Twitter) sosial ulgamyna täze - sporta goýum goýmak aýratynlygyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin kompaniýa BetMGM sanly oýun platformasy bilen şertnama baglaşar diýip, Fortune salgylanýan Inc. habar berýär.

Täze aýratynlygyň sport oýunlarynyň san maglumatyny gönüden-göni saýtda görkezjekdigi, şeýle hem BetMGM-de utuşlaryňyzy ýa-da utulyşlaryňyzy barlap boljak baglanyşygyň boljakdygy bellendi.
BetMGM Las-Wegasda ýerleşýän MGM Resorts International myhmanhana kompaniýasynyň onlaýn sport goýumlary bölümi. Ol, takmynan, 15 milliard dollarlyk kaşaň myhmanhanalaryň portfeline eýe.
Sport goýumlarynyň san maglumatynyň birleşdirilmegi iki kompaniýa üçinem möhüm artykmaçlyk bolar. BetMGM üçin bu hyzmatdaşlyk X-iň ummasyz köp  ulanyjylaryna ýetmek üçin göni kanaly üpjün edýär, X bolsa öz gezeginde hakyky wagt statistikasyny birleşdirmek arkaly täze ulanyjylary özüne çekip we goşmaça girdeji gazanyp biler. Şeýle-de bolsa, platformanyň ýokarlanýan trafige hötde gelip bilmegi we durnukly  işlemegi kompaniýa üçin gaty möhümdir.
Hyzmatdaşlygyň anyk maliýe şertleri aýan edilmese-de, mahabat we komissiýa arkaly iki kompaniýa üçinem girdejiniň gelmegine garaşylýar.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

01.04.2026 15:29
914

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...