ABŞ-da gidrogelden elektron «deri» döredildi

  • 30.01.2024 12:29
  • 5.3k+

Adam derisi – adamyň daşarky dünýä bilen baglanyşygyny üpjün edýän iň uly organdyr. Ol galtaşyga, temperatura we basyşa duýgurdyr. Bu häsiýetleri emeli materiallarda döretmek örän kyndyr.

ABŞ-nyň Tehas uniwersitetiniň alymlary bu meseläni nanoinženerlik gidrogellerini peýdalanyp çözmäge synanyşdylar. Olar 3D çap enjamynda çap edilen gyjyndyrmalara egilip, süýnüp we jogap berip bilýän elektron deri (E-skin) döretdiler.

«Duýgurlyk duýgusyny döretmek we ony dürli tehnologiýalara ornaşdyrmak adam bilen maşynyň özara täsiri üçin täze mümkinçilikler açýar» diýip, ylmy işiň awtorlary bellediler.

Ýörite işlenip düzülen molibden disulfidiniň nanobölejikleri «derä» elektrik we ýylylyk geçirijilik ukybyny berýär. Bu material çygly ýüzlere ýapyşmagy başarýar, bu bolsa ony lukmançylykda ulanmak mümkinçiligini döredýär.
Geljekde elektron derini hassanyň möhüm görkezijilerine yzygiderli gözegçilik edýän lukmançylyk enjamlary, protezler, innowasion robotlar, ykjam enjamlar we howpsuzlyk ulgamlary üçin ulanmak meýilleşdirilýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....