Samsung özbaşdak tehnika bejeriş işleri üçin programmany giňeltdi. Ulanyjylar telewizorlary, monitorlary bejerip bilerler

  • 29.01.2024 21:35
  • 6.3k+

Samsung smartfonlar üçin özbaşdak bejeriş programmasyny 2022-nji ýylda işe girizdi, häzir bolsa onuň gerimi has giňeldildi. Sarp edijileriň özbaşdak bejerip biljek gurluşlarynyň täzelenen sanawyna telewizorlar, monitorlar, noutbuklar, saundbarlar we hatda bir proýektor hem girdi diýip, ixbt.com habar berýär.

Gurluşlaryň doly sanawy şeýle görnüşde:

Smartfonlar:

  • Galaxy Z Fold5;
  • Galaxy Z Flip5;
  • Galaxy S23, S23 Plus, S23 Ultra, S23 FE;
  • Galaxy S22, S22 Plus, S22 Ultra;
  • Galaxy S21, S21 Plus, S21 Ultra;
  • Galaxy S20, S20 Plus, S20 Ultra.

Planşetler:

  • Galaxy Tab S9, S9 Plus, S9 Ultra, S9 FE, S9 FE Plus;
  • Galaxy Tab S7 Plus.

Noutbuklar:

  • Galaxy Book2 Pro 15;
  • Galaxy Book2 Pro 360 15;
  • Galaxy Book2 Pro 360 5G 13.3;
  • Galaxy Book Pro 15;
  • Galaxy Book Pro 360 15.

Telewizorlar:

  • 77" Class OLED S90C TV;
  • 98" Class Samsung Neo QLED 8K QN990C TV;
  • 75" Class The Frame – Disney100 Edition;
  • 65" Class The Frame – Disney100 Edition;
  • 55" Class The Frame – Disney100 Edition;
  • 85" Class The Terrace Full Sun Samsung Neo QLED 4K LST9C.

Proýektorlar:

  • Freestyle Gen 2 with Gaming Hub

Monitorlar:

  • 27" ViewFinity S9 5K Monitor;
  • 34" ViewFinity S65UC Ultra-WQHD;
  • 34" ViewFinity S65VC Ultra-WQHD;
  • 57" Odyssey Neo G9 Dual 4K UHD;
  • 27" M80C Smart Monitor 4K UHD;
  • 27" M70C Smart Monitor 4K UHD;
  • 27” Odyssey G55C Gaming QHD.

Saundbarlar:

  • HW-A445;
  • HW-S80CB;
  • HW-S68CB;
  • MX-ST5CB.

Kompaniýa özbaşdak bejerer ýaly bu sanawdaky ähli gurluşlar üçin original ätiýaçlyk şaýlaryny, gurallary we ädimleýin gollanmalary hödürlär. Ýöne bu programmanyň diňe ABŞ-nyň bazaryna degişlidigini bellemek gerek.


22.03.2026 04:00
3k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.5k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.7k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
12k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...