Google täze nesil emeli aňly wideo generatoryny döretdi

  • 29.01.2024 21:43
  • 5.3k+

«Google» amerikan korporasiýasynyň «Google Research» bölüminiň emeli aň ulgamy boýunça hünärmenleri «Lumiere» atly tekste esaslanýan wideokontent generatoryny döretdiler. Topar öz işleri baradaky hasabaty «arXive» ylmy neşirleriň platformasynda ýerleşdirdi.

Düşündirişe görä, täze neýroulgam «kitap okaýan iki ýenot» ýaly gysga jümlelere laýyklykda, ýokary durulykly taýýar wideolary döredip biler.
«Google» täze guralyň tehnologiýasyny «rewolýusion U-Net giňişlik-wagt arhitekturasy» diýip häsiýetlendirýär. Ol emeli aň modeliniň bir seansynda wideo döretmek üçin döredildi.
Gural noldan wideo döredip ýa-da isleglere laýyklykda, taýýar klipleri redaktirläp biler. Şeýle hem «Lumiere» statiki şekili janlandyrmagy hem başarýar.
«Google» entek «Lumiere» guralyny köpçülige elýeterli hyzmat etmegi meýilleşdirip-meýilleşdirmeýändikleri, eger meýilleşdirýän bolsalar munuň haçan boljakdygy barada aýtmady. Bu «Lumiere» tarapyndan awtorlyk hukugynyň kanunlaryny bozýan wideolaryň döredilmegi esasynda ýüze çykyp biljek ýuridik netijeler bilen baglanyşykly bolup biler.


05.06.2026 19:21
5.3k+

EA agentleri wirtual Nýu-Ýorkda «ýaşap gördi»: olar özüni nähili alyp barandyr öýdýäňiz?

Emergence AI startap kompaniýasy belli emeli aň modellerini 15 günüň dowamynda Nýu-Ýorkuň wirtual nusgasyna ýerleşdirip, täsin bir tejribe geçirdi. Hünärmenler adam gözegçiligi bolmadyk ýagdaýynda emeli aň......

03.06.2026 23:06
1k+

OpenAI-den öňürtdi: Anthropic paýnamalaryny biržada ýerleşdirmek üçin arza berdi

Claude emeli aň modelini işläp düzüji Anthropic amerikan kompaniýasy paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürlemek (IPO) boýunça resmi arza ýollady. Bu barada kompaniýanyň özi habar berdi....

02.06.2026 07:43
1.4k+

YouTube emeli aň tarapyndan döredilen wideolary awtomatiki usulda belgiläp başlar

YouTube platformanyň syýasatyndaky üýtgeşmeler barada yglan etdi we emeli aň (EA) arkaly döredilen wideolary bellemek ulgamyny ornaşdyryp başlady....

28.05.2026 18:53
1.1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....