Awstraliýa bilen Täjigistan Aziýa Kubogynyň çärýek finalyna çykdy

  • 29.01.2024 20:50
  • 6k+

Awstraliýanyň we Täjigistanyň milli ýygyndy toparlary şu günlerde Katarda dowam edýän Aziýa Kubogynyň çärýek finalyna çykdy.

1/8 final oýnunda awstraliýalylar Indoneziýany 4:0 hasabynda ýeňdi. Pleý-off-yň indiki tapgyrynda olar Saud Arabystany - Günorta Koreýa jübütiniň ýeňijisi bilen oýnar.
Täjigistanyň milli ýygyndysy BAE-den gelen futbolçylary ýeňdi. Duşuşygyň esasy wagty deňlikde tamamlandy - 1:1. Bu gapma-garşylygyň netijesi, Täjigistanyň milli  toparynyň derwezebany tarapyndan urlan jerime urgusyndan soň, 5:3 hasabynda tamamlandy.
Täjigistan bu ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýar. Ol toparlaýyn tapgyrda Katar, Hytaý we Liwan bilen toparçada ikinji ýeri eýeledi.
Çärýek finalda Täjigistanyň ýygyndy topary Yrak-Iordaniýa jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.


düýn 23:01
3.2k+

Dünýä çempionatynda boljak yssydan howatyr edýän futbolçylar FIFA açyk hat ýazdylar

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň futbolçylary Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) açyk hat ýollap, ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda oýunçylary aşa yssy howadan goramak......

18.05.2026 21:08
6.3k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

18.05.2026 00:06
6.3k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......

17.05.2026 20:11
4.1k+

Habi Alonso «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesine bellendi

Habi Alonso 1-nji iýuldan başlap Londonyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi bolar. Klubuň metbugat gullugy ispaniýaly hünärmen bilen dörtýyllyk şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi....