Dünýäde ilkinji gezek gen terapiýasy arkaly ker oglanyň eşidişi bejerildi

  • 29.01.2024 15:32
  • 13k+

Filadelfiýanyň Çagalar hassahanasynyň (CHOP) hünärmenleri 11 ýaşly Aýssam Damyň eşidişini bejermek üçin gen terapiýasyny ulandylar. Bejergi dünýäde ilkinji bolup, genetiki mutasiýa sebäpli eşidiş ukyby pes bolan näsaglara umyt döredýär diýip, Nýu-Ýork Taýms gazetine salgylanýan Inc. habar berýär.

CHOP-nyň Otolaringologiýa bölüminiň kliniki gözlegler boýunça müdiri hirurg Jon Germiller: "Eşidiş ukyby pesler üçin gen terapiýasy lukmanlaryň we alymlaryň 20 ýyldan gowrak wagt bäri üstünde işleýän bejergisidir we ol ahyrsoňy peýda boldy" – diýip gürrüň berdi. Bu gözlegleriň geljekde 150-den gowrak beýleki genlere täsir etmäge ýol açyp biljekdigini, olaryň käbiri çagalarda eşidiş ukybynyň peselmegine sebäp bolup biljekdigini sözüniň üstüne goşdy.
Aýssam bir gende seýrek duş gelýän näsazlyk sebäpli ker bolup doguldy. Bu kemçilikli gen, içki gulakdaky reseptor öýjükleriniň ses titremesini beýnä iberilýän himiki signallara öwürmek üçin zerur bolan otoferliniň öndürilmegine böwet bolýar. Bu kemçilik gaty seýrek duş gelýär we  1% -den 8% - e çenli ýagdaýda dogabitdi eşidiş ukypsyz goýýar.
2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Aýssam gulagyň deprek perdesini bölekleýin galdyrmagy we otoferlin geniniň iş nusgalaryny göçürmek üçin üýtgedilen zyýansyz wirusy sanjym etmegi öz içine alýan hirurgiki amaly başdan geçirdi. Netijede, reseptor öýjükleri ýiten belogy öndürip, kadaly işlemäge başlady.
Bejergiden dört aý töweregi wagt geçensoň, Aýssamyň bir gulagynyň eşidişi şeýle bir gowulaşdy welin, eşidişinde diňe sähel, ýeňiljek peselme galdy we ol "hakykatdanam ömründe ilkinji gezek eşidýän ýalydy" diýip beýanatda aýdylýar.
Şeýle-de bolsa, oglan hiç haçan gürlemegi öwrenip bilmese gerek, sebäbi beýniniň diliň ösüşi üçin mümkinçilik penjiresi çaga bäş ýaşyndaka ýapylýar.


09.04.2026 20:12
7.8k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....

09.04.2026 14:53
2.6k+

Türkiýe düwnük keseline garşy dermanyň ilkinji synaglaryny üstünlikli tamamlady

Türkiýäniň saglygy saklaýyş ministri Kemal Memişoglynyň habar bermegine görä, ýurduň özünde taýýarlanan rak keseline garşy ilkinji derman kliniki synaglaryň birinji tapgyrynda örän gowy netijeleri görkezdi....

08.04.2026 07:19
7.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany......

03.04.2026 21:00
3.7k+

Gazagystanda şu ýyl düwnük keseline garşy täze derman serişdesini hasaba almaga taýýarlanýarlar

Gazagystanly alymlar rak keseline garşy göreşýän DVC derman serişdesini işläp taýýarlamagy dowam etdirýär. Kliniki synaglaryň 2026-njy ýylda tamamlanmagyna garaşylýar, şondan soň ony hasaba almak üçin......