Marsdaky Ýezero kraterinde iki kölüň bolandygynyň subutnamasy tapyldy

  • 29.01.2024 15:24
  • 16k+

Marsdaky Ýezero kraterinde dürli geologiki döwürlerde iki kölüň bolandygyny görkezýän subutnamalar tapyldy. Bu radar ulanyp, krateriň düýbündäki çökündileriň gurluşyny öwrenen Perseverance mars roweriniň kömegi bilen anyklandy diýip, Los-Anželesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň metbugat gullugyna (UCLA) salgylanýan TASS habar berýär.

"Perseverance-iň bortunda oturdylan RIFMAX radary, dürli eroziýanyň netijesinde emele gelen gatlaklaryň arasynda ýerleşýän iki gat köl çökündi jynslaryny ýüze çykardy. Kölleriň bu yzlary Ýerdäki gaýa jynslaryna meňzeýär, bu Ýezero kraterinde suw howdanlarynyň bolandygy baradaky gipotezany tassyklaýar” – diýip,  UCLA-nyň professory Dewid Peýjiň ýolbaşçylygyndaky Amerikan we Ýewropa planetolog alymlarynyň topary öz beýanynda aýtdy.

Maglumatlar 2022-nji ýylyň maý-dekabr aýlary aralygynda Perseverance mars roweri tarapyndan ýygnaldy. Şol wagt NASA-nyň bäşinji roweri alymlaryň "Hawksbill Gap" we "Nukshack Ledge" diýip atlandyrýan Ýezero krateriniň  düýbündäki iki sebitiň arasynda hereket edýärdi. Bu ýerler özara, takmynan, 700 m meýdany bölüşýär we şol bir wagtyň özünde krateriň düýbüniň dürli sebitlerinde ýerleşýär, olaryň birinde gadymy gury kölüň düýbi, beýlekisinde bolsa oňa akan mars derýasynyň deltasy bar.


düýn 17:37
1.9k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
2k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.4k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
2k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......