iPhone smartfonlaryna emeli aň giriziler

  • 28.01.2024 16:35
  • 4.9k+

«Apple» kompaniýasy 2024-nji ýylyň ortalarynda «iPhone» smartfonlaryna emeli aň girizer. Bu barada Financial Times (FT) habar berýär.

Söhbetdeşlik geçirilen hünärmenleriň bellemegine görä, korporasiýa emeli aňy öwrenmek bilen meşgullanýan taslamalary we kompaniýalary köpçülikleýin satyn alýar. «Apple» 2017-nji ýyldan bäri emeli aň tehnologiýalaryny we gurallaryny işläp düzmek bilen ol ýa-da beýleki baglanyşygy bolan 21 kompaniýany satyn aldy. «Emeli aň ulgamynda ýaraglanyş ýaryşy dowam edýär we «Apple» oňa çetde durup seretmegi meýilleşdirmeýär» diýip, «Wedbush Securities» maýa goýum kompaniýasynyň analitigi Deniel Aýws belledi.
«Morgan Stanley» kompaniýasynyň hünärmenleri emeli aňyň gönüden-göni «iPhone-a» birikdiriljekdigini bellediler we bu tehnologiýanyň peýda boljak wagtyny mälim etdiler. Şeýle funksiýalaryň ilkinjisi tomusda geçiriljek WWDC maslahatynda tanyşdyrylar, şeýle hem onuň dowamynda «iOS 18» görkeziler. «AI Pryon» korporatiw toparynyň ýerine ýetiriji müdiri Igor Ýablokowyň bellemegine görä, «Apple», mysal üçin, «Samsung» kompaniýasynyň tersine, emeli aň ulgamyndaky ösüşlerini görkezmäge howlukmaýar: «Ol bu tehnologiýanyň iň gowy nusgalarynyň birini hödürläp bilýänçä garaşýar».
«SemiAnalysis» ýarymgeçirijiler boýunça konsalting firmasynyň analitigi Dilan Pateliň bellemegine görä, «Apple-iň» prosessorlary hem emeli aň bilen işlemäge gönükdirilendir. Şonuň üçin brendiň köne enjamlaryna hem emeli aň tehnologiýalaryny goşup bolýar.


30.05.2026 00:14
2.3k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....

16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

21.04.2026 15:36
6.9k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......