Bişkekde Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji kitaby tanyşdyryldy

  • 27.01.2024 14:43
  • 3.5k+

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasynda 2024-nji ýylyň Türkmenistanda "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli brifing, şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowyň "Ýaşlar - Watanyň daýanjy" atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Çärä Gyrgyzystanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Ç.Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ýolbaşçylary, Ž.Balasagun adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiniň rektorlygy, Gyrgyzystanyň DIM-niň Diplomatik akademiýasynyň ýolbaşçylygy, öňdebaryjy syýasatşynaslar, žurnalistler, şeýle hem Bişkegiň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary we türkmen kowçumlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Brifingiň barşynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň möhüm ähmiýeti bellenilip geçildi.
Serdar Berdimuhamedowyň kitabynyň aýratyn ähmiýeti barada durlup geçildi.
Çärä gatnaşyjylara şeýle hem türki dünýäsiniň 2024-nji ýyldaky medeni paýtagty - Änew şäheri barada gürrüň berildi, şeýle hem ýurdumyzyň gazananlaryny görkezýän wideoşekiller görkezildi.


düýn 19:38
3.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......