Hökümet mejlisinde ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak boýunça işler barada aýdyldy

  • 26.01.2024 23:15
  • 3.9k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew Oba senagat toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinlerine berilýän suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak, goşmaça suw gorlaryny döretmek hem-de suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada hem aýdyldy. 
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, olary ylmy taýdan öwrenmek we dikeltmek hem-de geljekki nesillerimize ýetirmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.
Daşky gurşawy goramak ministrliginiň döwlet tebigy goraghanalarynda türkmen arçasy, dagdan we pisse agaçlarynyň hem-de aýratyn goralýan tebigy ýerlerde duş gelýän ösümlikleriň seýrek we gymmatly görnüşlerini köpeltmek, olary tebigy ösýän ýerlerinde ýaýratmak boýunça goraghanalaryň ylmy-synag meýdançalarynda ylmy-tejribe işleri geçirilýär.
Şunuň bilen birlikde, döwlet tebigy goraghanalarynda we döwlet tebigy çäkli goraghanalarynda ýabany haýwanlary, göçüp geçýän we ýurdumyzda gyşlaýan guşlary gorap saklamak hem-de seýrek duş gelýän ýabany haýwanlaryň sanyny hasaba almak boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Döwlet Baştutany wise-premýere suw serişdelerimiziň tygşytly we maksadalaýyk ulanylmagyna berk gözegçilik etmegi, goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi  tabşyrdy.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna ýurdumyzyň özboluşly ekologik ulgamlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça  alnyp barylýan toplumlaýyn işlere berk gözegçilik etmek tabşyryldy. 


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.3k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......