2023-nji ýylda türk kompaniýalary Türkmenistanda umumy bahasy 3,2 milliard dollarlyk 7 taslamany durmuşa geçirdi

  • 26.01.2024 22:12
  • 8.5k+

2023-nji ýylda türk kompaniýalary Türkmenistanda umumy bahasy 3,2 milliard dollarlyk 7 taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşdylar. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň täze ilçisi Ahmet Demirok metbugat maslahatynda habar berdi.

«Öňki ýyllarda başy başlanan taslamalary göz öňünde tutsak, häzirki wagtda türk kompaniýalary tarapyndan umumy bahasy 4,4 milliard dollarlyk 21 taslama durmuşa geçirilýär» diýip, diplomat belledi.

Şeýle hem ol türk kompaniýalarynyň Arkadag «akylly» şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gyzyklanma bildirýändikleri barada aýtdy.
Türkiýäniň ilçisiniň beren maglumatlaryna görä, Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan bäri türk kompaniýalary Türkmenistanda umumy bahasy 50 milliard dollardan gowrak bolan 1080-e golaý taslamany üstünlikli durmuşa geçirdiler.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....